Amerikaly işewür we dünýäniň iň baý adamlaryndan biri Ilon Mask Hindistanda “Tesla” kompaniýasynyň elektrikli awtoulag taslamasyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada ol şu günler ABŞ-da 3 günlük saparda bolýan Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen bolan duşuşygyndan soňra belläp geçdi.
– “Tesla” kompaniýamyz Hindistanda önümçiligini ýola goýar. Muny gysga wagtda amala aşyrmagy meýilleşdirýäris – diýip, Mask belläp geçdi.
Şeýle hem ol geljekde Hindistanyň ykdysadyýetine maýa goýmaga taýýardygyny belläp geçdi.
“Tesla” kompaniýasynyň baş direktory Hindistanyň hökümetiniň başlygyna özüniň başlangyçlaryny goldandygy we geljek ýyl Hindistana sapar bilen barmak baradaky meýilnamalaryna goldaw berendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
