DÜNÝÄ

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Daşary işler ministrligi tarapyndan «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniweristetiniň professor-mugallymlary we  talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Dabarada Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň wekilleri çykyş etdiler.
Giň okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döreden täze kitap «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmatlygy — saglyk», «Hossarlyk — öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» atly bölümlerden ybarat bolup, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen bu kitapda haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleri barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.
Geçen gysga döwrüň dowamynda gaznanyň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmäge, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaşajyk ildeşlerimiziň bejergi almaklary, lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almaklary üçin pul serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistan bilen Müsüriň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary telefon arkaly gepleşikleri geçirdiler

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy barada interwýu berdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy