DÜNÝÄ

Müsüriň we Moldowanyň Türkmenistandaky ilçileri wezipelerine girişdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazih Ali Bahaeldin Al-naggariden hem-de Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Waleriu Kiwerden ynanç hatlaryny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomatlary jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ýurtlaryň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda ilçiler Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bu syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şeýle hem diplomat türkmen parlamentiniň düzümi we köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara hyzmatdaşlygy, şol sanda halkara parlament düzümleriniň çäklerindäki gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.

 

Related posts

Türkmenistanyň halkara hususy hukugy baradaky täze kanunçylygy kabul edildi

Özbegistan bilen Germaniýa täze bilelikdäki taslamalara badalga berdiler

Türkmenistan ÝHHG-niň ministrler geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy

Leave a Comment