SPORT

Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

3-nji iýunda Bütindünýä welosiped gününiň dabaralandyrylýan gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.
Bu gezekki welosipedli ýöriş Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda gurlan «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga aldy. Şoňa görä-de, ir bilen bu ýere ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, talyplar, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri ýygnandylar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem boldy. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Watanymyzyň gülläp ösüşini, türkmen sportuny wasp eden joşgunly aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyga özboluşly sowgat boldy.
Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Hormatly Prezidentimiziň yzysüre hemmeler paýtagtymyzyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça agzybirlikde herekete başladylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, 2022-nji ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligini sagdyn ýaşaýşa çagyrmakdaky, döwletleriň arasynda ekologik abadançylygy wagyz etmekdäki möhüm ädimleri boldy.
Säher bilen tomus paslynyň ýakymly howasynyň, ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp görnüşiniň köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylarda buýsanç duýgusyny döredendigini bellemek gerek. Çünki döwlet Baştutanymyzyň öňüni çeken welosipedli ýörişine gatnaşyjylaryň hatarlary paýtagtymyzyň ýollary boýunça hereketini dowam etdirdiler. Şeýlelikde, bu baýramçylyk welosipedli ýörişi biziň jemgyýetimiziň jebisliginiň, türkmenistanlylaryň belent ynsanperwer gymmatlyklara üýtgewsiz ygrarlylygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.

Ýene-de okaň

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Osman Dembele “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy