SPORT

“Galatasaraý” – Türkiýäniň çempiony

Türkiýäniň futbol boýunça ýokayr ligasynyň çempiony “Galatasaraý” topary boldy. Bu topar çempionatyň 36-njy tapgyrynda “MKE Ankaragüjü” toparyny 4:1 hasabynda utup, çempionlygyny yglan etdi. Umumylykda, bu topar 23-nji gezek çempion bolmagy başardy.

Toparyň tälimçisi Okan Buruk bolsa, Türkiýäniň çempionatynda tälimçi hökmünde 2-nji gezek çempion bolmagy başardy. Mundan ozal, ol 2019-2020-nji ýylda “Medipol Başakşehir” topary bilen çempion bolupdy.

“Galatasaraý” toparynyň düzüminde 20 futbolçy ilkinji gezek bu topar bilen çempion boldy. Olaryň arasynda dünýä belli futbolçylar Huan Mata, Dries Mertens we Nikolo Zaniolo ýaly futbolçylar hem bar.

Toparyň tejribeli derwezeçisi Fernando Muslera bolsa, Türkiýäniň futbol çempionatynda 6-njy gezek çempion bolmagy başardy.

Ýene-de okaň

Messiniň taryhy rekordy

Eýranyň dünýä çempionatyndaky özboluşly rekordy

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy