JEMGYÝET

Ogulgerek Berdimuhamedowa EYR-nyň Prezidentiniň maşgalasy Jamile Alamolhoda bilen duşuşdy

Milli Liderimiziň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary mahalynda ýanynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy kaşaň “Saadabad” toplumynda ýerleşýän taryhy-medeni desgalara baryp gördi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy “Saadabad” toplumynyň “Talar” binasyna tarap ugrady. Bu ýerde onuň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy hanym Jamile Alamolhoda bilen duşuşygy geçirildi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Tähranda bolmagynyň dowamynda mähirli kabul edilendigi hem-de özi üçin ýörite guralan gyzykly gezelenç üçin minnetdarlyk bildirdi.

Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Zenanlaryň häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşine goşýan goşandynyň ornuna we ähmiýetine aýratyn üns berildi. Türkmenistanda hem, Eýranda hem zenanlar jemgyýetçilik durmuşyna barha işjeň gatnaşýarlar we öz ýurdunyň durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşýarlar.

Duşuşygyň ahyrynda EYR-nyň Prezidentiniň maşgalasy hanym Jamile Alamolhoda belent mertebeli myhmanyň — türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy hanym Ogulgerek Berdimuhamedowanyň hormatyna agşamlyk naharyny berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Azerbaýjanda geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň muzeýinde Milli Liderimiziň manyly ömrüne degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri