Türkmenistanyň çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň çäklerinde Arkadag şäheri bilen adybir «Arkadag» futbol topary «Ahal» toparyny kabul etdi.
«Arkadag» futbol topary çempionatdaky duşuşyklarynda bu günki oýnuň hem «ýeňiji» diýen adyny öz adyna ýazdyrdy. «Arkadag» 5:2 hasap bilen «Ahaly» utdy. Ozal habar berşimiz ýaly, çempionatyň iň güýçli oýunçysy Didar Durdyýew bu günki oýunda has-da tapawutlandy. Ol oýnuň 23,52,78-nji minutlarynda garşydaşyň derwezesine gollary geçirip, iň köp gol salan oýunçy diýen adyny berkitdi. «Arkadag» toparyndan iki goly bolsa, 28-nji minutda Begmyrat Baýew we 57-nji minutda Ybraýym Mämmedow dagy saldylar.
«Ahal» futbol toparyndan 39-njy minutda Meýlis Diniýew, 59-njy minutda Begenç Mämiýew gollary geçirdiler.
Netijede, bu duşuşykdan soň «Arkadag» topary 24 utuk toplady.
