SPORT

11 ýyldan soňra “Barselonadan” gidýär

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň düzüminde köp sanly kuboklary gazanan we 11 ýyl bu toparda oýnan Žordi Alba topary bilen hoşlaşýandygyny mälim etdi. Ispan topary hem öz futbolçysynyň 2024-nji ýyla çenli şertnamasynyň bardygyna garamazdan, taraplaryn ylalaşygy esasynda şertnamany ýatyrdy.

Žordi Alba Lionel Messi, Serhio Buskets, Neýmar, Suarez, Inýesta we toparyň häzirki tälimçisi Hawi bilen “Barselona” topary bilen köp sanly kuboklary gazandy. Ol bu toparyň düzüminde 2012-nji ýylda çykyş edip başlap, şondan bäri 6 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy.

Ol 5 gezek Ispaniýanyň kubogynyň, 4 gezek Ispaniýanyň Naýbaşy kubogynyň ýeňijisidir. Şeýle hem ol bu toparyň düzüminde Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy.

Alba toparyň düzüminde 458 duşuşykda oýnap, “Barselona” toparynyň adyndan 19 gol geçirdi.

Related posts

“Arsenal”, “Bawariýa”, “Lýon” we “Trabzonspor” möwsüme ýeňiş bilen başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň zenanlar küşt ýygyndysy halkara reýtingde ilkinji 50-lige girdi

Şu gün Er-Riýadda ýylyň “boks” tutluşygy bolar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment