JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda senagat desgalary gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň abadançylyk we arassaçylyk derejesini yzygiderli üpjün etmek bilen bagly meselä seredildi. Şeýle hem bu ýerde polipropilenden hem-de polietilenden ýurdumyzda öndürilen lukmançylyk serişdeleriniň birnäçe görnüşleri görkezildi. Bellenilişi ýaly, bu önümler hil we häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň talaplaryna laýyk gelmegi babatda ýokary halkara görkezijilerine kybapdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynda esasan senagat toplumyna degişli önümçilik kuwwatlyklarynyň guraljakdygyny aýdyp, bu işleriň ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy we bu ýerde öndüriljek önümleriň ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda möhüm orun eýelejekdigine ynam bildirdi.
Şeýle hem bu ýerde bina ediljek senagat desgalarynyň häzirki zamanyň ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy ýerli çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň ýokary hil derejesi, berkligi we uzakmöhletleýinliligi babatda tapawutlanmalydygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän çig mallary senagat taýdan gaýtadan işleýän önümçilik toplumyny gurmak, şäheriň jemagat hojalygynyň işi ýokary derejede guramagy üçin häzirki zaman tehnikalaryny we beýleki döwrebap enjamlary almak, olary netijeli ornaşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna gatnaşjak ýerli gurluşyk kompaniýalaryny seçip almak bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet Baştutany wezipesine girişmegine 4 ýyl boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri «CNPC»-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar