SPORT

“Milan derbisi”: “Inter” 13 ýyldan soňra finala çykdy

UEFA-nyň Çempionlar ligasy ahyrlap barýar. Ýewropanyň naýbaşy ýaryşynda ýarym final duşuşyklarynyň jogap oýunlary geçirilýär. Şonuň ilkinjisinde, ýagny “Milan” derbisinde Italiýanyň Milan şäheriniň iki güýçli topary “Inter” bilen “Milan” duşuşdy.

Ilkinji duşuşykda 2:0 hasabynda ýeňip, öz meýdançasyna artykmaçlyk bilen çykan “Inter” topary jogap duşuşygynda hem Italiýanyň çempionatyndaky hem esasy bäsdeşi “Milan” toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Ýeňiş gazanan toparyň ýeke-täk goluny 74-nji minutda Lautaro Martinez geçirdi.

Şeýlelikde, “Inter” topary 6-njy gezek Çempionlar ligasynda finala çykmagy başardy. Ol Ýewropanyň öňdebaryjy ýaryşyynda 1962-nji, 1965-nji hem-de 2010-njy ýylda ýeňiş gazanyp, arzyly kubogy gazandy.

Ýagny, “Inter” topary soňky gezek bu kubogy Žoze Mourinýonyň tälimçilik eden döwründe, 2010-njy ýylda gazanypdy.

Çempionlar ligasynyň finalyna iň köp “Real Madrid” topary çykyp, bu topar final duşuşygynda 17 gezek oýnady. Mundan başga-da, 11 gezekden “Milan” we “Bawariýa”, 10 gezek “Liwerpul”, 9 gezek “Ýuwentus” we 8 gezek “Barselona” topary finala çykmagy başaran futbol toparlarydyr.

Related posts

Dünýäniň iň baý adamy futbol pudagyna girýär

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

Angliýanyň çempionaty: tälimçiler Potter we Rojers wezipesinden boşadyldy

Leave a Comment