JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy we Täjigistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Täjigistan Respublikasynyň resmi habarlar gullugynda bellenilip geçildi.

Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň netijeleri, sebit we ählumumy ýagdaý bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda taraplar sebit babatda ýokary derejedäki çärelere – 2023-nji ýylyň sentýabrynda Duşanbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň sammiti görülýän taýýarlyk işleri boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirýän beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda GDA-nyň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirilýär

Türkmenistanda gurlan ilkinji «Gadamly» gury ýük gämisiniň Baku şäherine bardy

Malaýziýa «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegine gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan bilen “Petronas” täze önümi paýlaşmak hakynda ähtnama gol çeker

“Agro Pack Turkmenistan-2026” sergisi geçirilýär

«Gadamly» gury ýük gämisi Azerbaýjanda dabaraly garşylandy