JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça sala salşygyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz gutlag hatynda Özbegistanyň raýatlarynyň aç-açanlyk ýagdaýynda hem-de demokratik ýörelgeler esasynda geçirilen sala salşyga işjeň gatnaşmagynyň halkyň jebisliginiň, häzirki döwürde amala aşyrylýan özgertmelere giňden düşünýändiginiň, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň durmuşa geçirýän döwlet syýasatyny doly goldaýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady.

Özbegistan Respublikasynyň Esasy Kanunynyň täze rejelenen görnüşiniň ýurdy ýokary depginlerde ösdürmäge, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga we häzirki döwrüň möhüm wezipelerini netijeli çözmäge mundan beýläk-de ýardam etjekdigine berk ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hatynda Türkmenistanyň däp bolan dostlukly, strategik häsiýetli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ykdysady üstünlikleriň sergisi geçiriler

Dr.Döwran Orazgylyjow : Makul Sözlük Silikon jülgesinden gözbaş alan taslama

Ata Watan Eserleri

“Magtymguly Pyragy” çeper filmi Tatarystandaky halkara kinofestiwalda baýrak gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze oba – Döwletli mekan açyldy

Amangeldi Baýgeldiýew: “Makul Sözlük” hoşniýetli gatnaşyklarda özboluşly “dil köprisi” bolup hyzmat eder

“Makul Sözlük” internet neşirlerinde