BIZNES

Türkmenistan Aziýa ösüş bankynyň synag ulgamyna goşular

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Aziýa ösüş bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň «Kämilleşdirilen üstaşyr ulgamy (CATS) we Umumy maglumatlary alyşmak (ICE)» synag ulgamyna jogapkär hünärmenleri bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Döwlet gümrük gullugynyň ýüztutmasy boýunça geçirilen bu duşuşykda agzalan synag taslamasyna Türkmenistanyň goşulyşmagy hem-de bu ulgam boýunça türkmen tarapyndan utgaşdyryjy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň bellenilendigi barada habar berildi.

Taraplar geljekki ädimleri, hereketleriň meýilnamasyny hem-de «Kämilleşdirilen üstaşyr ulgamy (CATS) we Umumy maglumatlary alyşmak (ICE)» synag ulgamy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtanama seretdiler.

CATS/ICE ulgamy – bu CAREC maksatnamasyna gatnaşýan döwletleriň arasynda geçirilýän üstaşyr ýükleriň gözegçiligini ýeňilleşdirmek üçin Ýewropa Bileleşiginiň Täze kompýuterleşdirilen üstaşyr ulgamynyň mysalynda döredilensazlaşdyrylan elektron ulgamydyr. Taslamanyň maksady CAREC maksatnamasynyň sebitinde ýük daşamalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de üstaşyr harytlar üçin tutumlaryň möçberini azaltmak bolup durýar.

Related posts

İhaleler: Türkmenbaşı Petrol Rafinerisi’nden ek ünite inşaat ihalesi

vepa

Birža täzelikleri: geleşikleriň 54-si hasaba alyndy

Ata Watan Eserleri

Transhazar geçelgesi Türki Döwletleri Guramasy üçin möhümdir

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment