MEDENIÝET

Aýdymçy Ledi Gaga Ak Tamda işlär

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden aýdymçy Ledi Gaga Ak Tamda iş berdi. Ak Tamyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Ledi Gaga ABŞ-nyň Prezidentiniň sungat we ynsanperwer ylymlary boýunça komitetiniň ýolbaşçy düzüminiň agzalygyna bellendi.

Ak Tamyň bellemegine görä, bu geňeşiň düzüminde 24 adam bar. Lakamy Ledi Gaga bolan Stefani Joann Anjelin Jermantonna amerikaly aýdymçy, awtor, prodýuser, dizaýner we aktrisadyr. “Time” žurnalyna görä, ol dünýäniň iň täsirli adamlarynyň sanawynda durýar.

Şeýle hem “Oskar” baýragynyň eýesidir. Onuň aýdymlary birnäçe gezek “Oskar” baýragyna mynasyp boldy.

Related posts

San-Fransiskoda ilkinji gezek geçirilýän türk festiwalynda Türkmenistan tanyşdyrylar

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň köp adamly tansy

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment