JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň ilatynyň jaý üpjünçiligi barada…

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda maslahat geçirdi.

Şol maslahatda şäheriň ilatynyň jaý üpjünçilik meseleleri barada hem durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, şäher ilatynyň ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçilik meseleleri barada aýdylanda bolsa, adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýaşaýyş jaýlaryna bolan hukugyny üpjün etmek maksady bilen, bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň gulluk maksatly berlip, olarda 10 ýylyň dowamynda birkemsiz ýaşap, zähmet çeken maşgalalara jaýlary öz adyna geçirip bilýändikleri, ilki töleg geçirip, ýaşaýyş jaýlaryna gelen raýatlaryň hereket edýän kada esasynda jaý eýeleri bolýandyklary bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bar bolan meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Täze, döwrebap şäheriň gurulmagy, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi beýik maksatlaryň amala aşyrylýandygyny görkezýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Ýene-de okaň

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri