SPORT

Ýewropa futbolynda “derbi” hepdesi

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda gyzykly duşuşyklar geçirilýär. Bu duşuşyklar şol bir wagtda şol ýurtlaryň milli çempionatynda öňdebaryjylar hem kesgitlemek babatynda ähmiýetlidir.

Angliýanyň milli çempionatynda 29-njy tapgyryň esasy duşuşygy “Mançester Siti-Liwerpul” duşuşygy bolar. Şu gün geçiriljek duşuşyk Aşgabat wagty bilen 16:30-da başlaýar.

61 utugy bolan “Mançester Siti” topary çempionatyň lideri “Arsenal” toparyndan 8 utuk yzda.

Germaniýanyň milli çempionatynda bolsa, 26-njy tapgyryň esasy duşuşygy “Bawariýa-Borussiýa Dortmund” duşuşygy bolar. Çempionatda birinji we ikinji orunda bolan toparlaryň bu duşuşygy uly ähmiýete eýedir.

Bu duşuşyk hem şu gün Aşgabat wagty bilen 21?30-da geçiriler.

Ozal “Borussiýa Dortmund” toparyna tälim beren Tomas Tuhel “Bawariýa” täze tälimçisi hökmünde ilkinji duşuşygyna çykar.

Italiýanyň milli çempionatynda “Milan-Napoli” duşuşygy 2-nji aprel ýekşenbe güni Aşgabat wagty bilen 23:45-de geçiriler.

Fransiýanyň çempionatynda öňdebayrjy “PSŽ” topary 29-njy tapgyrnda “Lion” topary bilen duşuşar. Bu duşuşyk hem 2-nji aprel ýekşenbe güni Aşgabat wagty bilen 23:45-de geçiriler.

Ýene-de okaň

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy