Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkiýe Respublikasynda prezident saýlawlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Entek saýlawlaryň haçan geçiriljekdigi barada maglumat berilmedi.
Bu saýlawlara ýurduň 6 partiýasyny bir ýerde jemleýän “Millet bileleşigi” syýasy topar özüniň dalaşgärini yglan etdi. Ol hem ýurduň baýry partiýasy bolan “Jumhuryýet” partiýasynyň ýolbaşçysy Kemal Kylyçdarogly boldy.
Düýn bu syýasy toparyň 4,5 sagatlyk ýygnagy boldy. Şondan soňra metbugat brifingi guran syýasy liderler özüniň dalaşgärini mälim etdi. “Saadet” partiýasynyň ýolbaşçysy Temel Karamollaogly prezident saýlawlary üçin dalaşgär hökmünde Kemal Kylyçdarogluny saýlandyklaryny belläp geçdi.
“Millet bileleşigi” syýasy toparda – “Jumhuryýet” partiýasy ýolbaşçysy Kemal Kylyçdarogly, “Saadet” partiýasynyň ýolbaşçysy Temel Karamollaogly, “Iyi” partiýasynyň ýolbaşçysy Meral Akşener, “Dewa” partiýasynyň ýolbaşçysy Ali Babajan, “Gelejek” partiýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Dawutogly ýaly syýasy liderler bar.
“Jumhuryýet” partiýasynyň ýolbaşçysy Kemal Kylyçdarogly eden çykyşynda iň uly maksatlarynyň Türkiýäniň bereketli we durnukly ýurda öwürmek bolup durýandygyny belledi. Ol saýlawlarda ýeňiş gazanylan halatynda “Millet bileleşigi” hökmünde Türkiýäni maslahatlaşyp, ylalaşykly dolandyrjakdyklaryny aýtdy.
Ol prezident saýlanan halatynda bu syýasy topara gatnaşýan syýasy partiýalaryň ýolbaşçylarynyň prezidentiň orunbasarlary boljakdygyny mälim etdi.
“Millet bileleşigi” syýasy topary Türkiýede parlament ulgamly döwlet gurluşyny döretmegi maksat edinýär.
