JEMGYÝET

Manama duşuşygynyň jemleri: Bilelikdäki Maglumatyň mazmuny

Şu gün Manamada geçirilen ýokary derejeli türkmen-bahreýn duşuşygynyň jemleri hormatly Prezidentimiziň Bahreýn Patyşalygyna saparynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Maglumatda öz beýanyny tapdy. Onda «Al Gudaýbiýýa» köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda iki döwletiň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen resmi gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary öz beýanyny tapýar.

Hususan-da, resminamada taraplaryň ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, ösüş babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ykdysady hyzmatdaşlykda hususy pudagyň ornuny goldamaga we iki dostlukly döwlete, olaryň halklaryna peýda getirýän bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerini peýdalanmaga çalyşýandyklary tassyklanylýar. Şunda özara bähbitlere hyzmat etjek sebit we halkara forumlarda birek-birege goldaw bermegiň zerurdygy nygtaldy. Bilelikdäki Maglumatda iki ýurduň arasyndaky logistik hyzmatlara ýardam bermek hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygynyň ählumumy deňiz-howa logistika hyzmatdaşy hökmünde bellenilmegine kanagatlanma bildirilýär.

Şeýle-de taraplar parahatçylyk, sabyrlylyk, parahatçylykly ýaşaşmak, ählumumy gatnaşyk, dinleri, ynançlary hormatlamak gymmatlyklaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilen ýörelgeleri öňe sürmäge berk eýerýändiklerini tassyklap, gapma-garşylyklary halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda, döwletleriň özygtyýarlylygy, çäkleriniň bitewüligi, halkara derejede ykrar edilen serhetleriniň bozulmazlygy ýörelgelerini hormatlamak we berjaý etmek esasynda, parahatçylykly serişdeler arkaly çözmegiň zerurdygyny nygtadylar. Türkmenistanyň hem-de Bahreýn Patyşalygynyň Türkiýe Respublikasynda we Siriýa Arap Respublikasynda bolup geçen weýrançylykly ýertitreme zerarly duýgudaşlyk, raýdaşlyk bildirip, halkara bileleşigi bu betbagtçylygyň netijelerini ýeňip geçmek üçin iki döwlete kömek goluny uzatmaga çagyrmaklary bolsa iki dostlukly döwletiň ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

Ýene-de okaň

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri