JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň ýokary ordeni bilen sylaglanyldy

Şu gün Manamada geçirilen ýokary derejeli türkmen-bahreýn gepleşikleri tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni bilen sylaglanyldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär. 

«Al Gudaýbiýýa» köşgüniň uly mejlisler zalynda döwlet Baştutanymyza bu abraýly sylagy Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýokary sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistana, türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.

Bahreýn Patyşalygynyň ilkinji Emiri Şeýh Isa bin Salman Al Halifanyň adyny göterýän bu orden Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy hasaplanýar. Ol ýurduň häzirki Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa tarapyndan 1999-njy ýylyň oktýabrynda döredilip, döwlet hem hökümet Baştutanlaryna, Mirasdüşer Şazadalara, wise-premýerlere, ministrlere, harby gullukçylara we beýlekilere bitiren aýratyn hyzmatlary üçin berilýär.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan bilen Bahreýniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge goşant uly şahsy goşandy, alyp barýan parahatçylykly, döredijilikli syýasaty üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Bahreýniň Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni bilen sylaglanypdy.

Ýene-de okaň

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri