Bagtyýar zamanda bagtly talyp, joşgunly sazanda, ýüregi buýsançly şahyr ýa-da aýdymçy bolmak neneň ajaýyp. Ynsan kalby joşanda döredijilik peýda bolýar. Ol döredijilik bolsa ynsanyň kalbyndan çykyp ýene kalplarda orun alýar. Aýdym-saz sungaty adamzat döräli bäri oňa ruhy güýç, ruhy joşgun, ruhy terbiýe berip gelýär. Ýurdumyzda döredijiligiň ähli görnüşleri bilen meşgullanmaga we belent sepgitlere ýetmäge uly mümkinçilikler bar. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp diýarymyzyň toý-baýramlarynyň bezegi bolup şirin aýdymlary bilen türkmen sungatyny öz mahmal owazy bilen ýerine ýetirýän, aýdymlaryna siňdirýän ýaş zehinli aýdymçymyz Güljemal Taýlyýewa bu gün saýtymyzda myhmançylykda.
Güljemal ilki bilen sizi saýtymyzyň «söhbetdeşlik» sahypasynda hoş gördük. Ýaşlyk ýyllaryň bagtyýarlygyny aýdym- sazda beýan etmek nähili duýgy, ilki bilen söhbetimizi şular dogrusynda berjek gürrüňleriňizden başlaýaly.
― Şu döwrüň waspyny döredijilik bilen wasp etmek bagtynyň maňa miýesser edendigine çyn kalbymdan buýsanýaryn. Çünki Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyz milli Liderimiziň berýän ünsi, bildirýän ynamy biz ýaşlara has-da işimizi joşgunly, täzeçil döredijilik ýoly bilen dowam etmegimize uly mümkinçilik berýär. Ykbalymyň şu döwre gabat gelip, waspyny aýdym-saz bilen beýan etmek duýgusynyň ajaýyplygyny näçe aýtsaň aýdybermeli.
Sungatyň haýsy görnüşi boýunça meşgullanýarsyňyz we haçandan bäri?
― Men çagalygymdan sungat dünýäsinde ýaşap başladym. Ilkinji gezek 3 ýaşymda surat çekmäge bolan höwesim, mekdep ýaşynda wagtym goşgy ýazmak, soňra bolsa aýdym-saz äleminiň wekili bolmak hemmesi meniň ömür ýolumyň manysy.
Ilkinji gezek zenan gözleriniň suratyny çekdim. 3-nji synpda «Ýazlarym» aýdymyny, 5-nji synpda bolsa ilknji goşgymy düzdüm. Güýz paslyny wasp edýän ilkinji goşgymy men öz öýümizdäki bagyň saýasynda oturyp, mellegimize seredip ýazypdym.
Güýz pasly
― Bag astynda güýz hakynda hyýalym,
Güýzem öwşün atýar ýapragyn döküp,
Ine şeýdip geçibem dur gün, aýam,
A ýapraklar bolsa tans edýär böküp.
***
Oň tansyna meniň göwnüm açylýar,
Galam ýazýar ol hakynda depdere,
Ýöne birden gussa gaplap kalbymy,
Gün ýaşanyn birden aýlady sere.
Islendik käri ele almakda we kämil hünärmen bolmakda halypalarymyzyň orny örän uly bolup durýar. Halypa-şägirt dogrusyndaky gürrüňleriňiz bize has-da gyzykly.
― Elbetde, islendik käri ele almak, şol ugurdan hünärmen bolmak üçin halypalarymyzyň orny biz ýaş hünärmenlerde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ilkinji halypam ejem, gaýybana halypam Türkmenistanyň halk artisti sungat ussadymyz Medeniýet Şahberdiýewa. Häzirki wagtda bolsa bilim ojagym bolan M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary. Halypa-şägirt bolmak, ussatlarymyzdan saýlan hünärimizi öwrenmek biz ýaşlara hökmany suratda gerek we zerur zatlarymyz.
Sungat düşünjesine garaýşyňyz.
― Sungat bu jadyly dünýä. Bu dünýäň girdigiň ol seni owadan we gözel dünýäde ýaşadýar. Bu dünýäniň wekili bolmak bilen ynsan mydama täzelikleriň, özgerişlikleriň gözleginde bolýar.
Sungat ― kalbyma baglanan dünýäm, durmuşa bolan höwesim.
Islendik döredijilik ylhamdan gözbaş alýar, siziň ylham çeşmäňiz.
― Ylham çeşme döredijiligiň açary diýsegem ýalňyşmarys. Maňa haçanda «şol işi sen başarmarsyň» diýseler şol işiň hötdesinden gelmäge we başarmaga bolan höwesim artýar. Köplenç döredijligimde şeýle ýagdaýdan ylhamlanýaryn.
Halaýan we taýýarlamagy gowy görýän tagamyňyz.
― Tagamlaryň hiçisinem erbet göremok ýöne milli tagamymyz palawy, mantyny has gowy görýärin. Taýýarlanymda-da höwes bilen ýerine ýetirýärin.
Dünýäde Sizi buýsandyrýan zat näme?
― Bagtyýar zamanada bagtly perzentdigime, talypdygyma, döredijilik bilen meşgullanyp döwrümizi wasp edýändigime buýsanýaryn. Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagly, Arkadagly Serdarly döwrüň ýaşlarynyň hatarynda ýaşaýandygyma, söýen kärimiň eýesi bolup, şol ugurdan döwrebap okuw jaýynda bilim alýandygyma buýsanýaryn.
Söýgi we dostluk düşünjesine garaýşyňyz.
― Dostluk – birek –birege ýardam bermek, hakykatçyl bolmak.
Söýgi – bu ynsanyň beýik duýgularynyň durmuşa geçmegi, mähir-muhabbet, ynam, wepalylyk, goldaw bermek.
Türkmen zenanynda we ýigidinde mydama görmek isleýän 5 häsiýetiňiz.
― Türkmen ýigidi we zenany ähli halklardan tapawutlanýan häsiýetleri, milli lybaslary bilen gözel görünýär.
Türkmen ýigidinde görmek isleýän 5 häsiýetim:
- Ynam
- Gorag
- Dogruçyllyk
- Mertlik
- Wepadarlyk
Türkmen zenanynda görmek isleýän 5 häsiýetim:
- Agraslylyk
- Eli çeperlilik
- Sadalyk
- Mylakatlylyk
- Wepalylyk
Nirelerde we kimler bilen dynç almagy halaýarsyňyz?
― Açyk howada ýakynlarym, joralarym, sungaty sarpalaýan ynsanlar bilen dynç almagy gowy görýärin. Göwün söýen ynsanlarym töweregimde bolsa ýeriň tapawudy ýok.
Dünýäniň gözelligi nämede?
― Dünýäniň gözelligi käbelerimiziň ýylgyryp duran keşbi. Ynsanyň ýagty jahana gelmegi, bagtyýar ömür sürmegi, dürli durmuş basgançaklaryndan geçmegi ejelerimiziň perzendi hakyndaky aladalarynyň, olara berýän edep-terbiýesinden gözbaş alýar. Islendik wagt mähriban käbäň bagtly keşbi hakydaňda janlananda ol ynsan balasyna ruhy güýç, ruhy goldaw berýär. Mähriban käbelerimiziň, mähribanlarymyzyň ömürleri uzak, ýylgyryp duran keşbi mydama dünýämizi gözelleşdirsin.
Içki we daşky gözelligiň sazlaşygy.
― Içki we daşky gözelligiň sazlaşygy ynsanda adamkärçilik sypatlarynyň näderejededigini aýan edýär. Daşky gözelligiň dowamlylygy içki gözelligiň aýan bolmagy bilen baglanyşykly diýip hasap edýärin. Haýsy kärde bolanda-da bahyllyk, gysgançlyk duýgularyndan daşda bolmaly. Biriniň üstünligine guwanmak, kyn gününde ýardam bermek, eden zadyňy dile almazlyk ynsanyň ynsanlyk mertebesini beýge göterýär.
Özüňi bagtly duýmagyň syry.
― Özüňi bagtly duýmak – bu tebigy zehiniňi, ömrüňi bezeýän barlyklaryňy duýup ýaşamak. Durmuş ýoluňdaky maksatlaryňa kynçylyklardan baş alyp çykyp ýetmek, nähilli kyn bolsa-da arzuwly ýollaryňy terk etmezlik. Özüňi bagtly duýmagyň syry bolsa barlygyňa we bar zatlaryňa şükür edip ýaşamak.
Arzuwsyz ynsan ganatsyz guş mysaly görülýär. Şonuň üçin geljek üçin maksat goýmak bagtyýar döwrüň her bir ýaş nesline mynasyp adat.
― Elbetde, mynasyp nesil bolmak meniň üçin iň uly arzuw. Geljege gadam goýýan maksatlarym mynasyp perzent bolmak, saýlan hünärimi has-da kämilleşdirmek, diýarymyzyň uly sahnalarynda ussatlarymyz bilen bile toý-baýramlara gatnaşyp döredijilik dünýämi halk köpçüligi bilen paýlaşmak.
Güljemal beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin saýtymyzyň döredijilik toparynyň adyndan köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Goý, mahmal owazyňyz türkmen telewidinýesinde we türkmen toýlarynyň uly sahnalarynda belent ýaňlansyn!
― Sagboluň, «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň döredijilik toparyna köp sagbolsunymy aýdýaryn. Döredijlik toparynyň işleriniň mydama üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
Şahsy maglumatlary:
Doglan senesi: 23.02.1999ý
Doglan ýeri: Lebap welaýatynyň, Saýat etrabynyň, Garabekewül şäheri.
Halaýan tagamy: Palow, manty.
Surat çekmek, aýdym aýtmak, goşgy düzmek bilen meşgullanýar.
3-nji synpda «Iň eýjejik gyzjagaz» 2-nji orun.
«Garpamyk – 2015» welaýatda 1-nji orun.
«Meniň sesim» telegepleşiginde 1-nji orun. 2017ý
Ýaş şahyrlaryň bäsleşiginde 3-nji orun. 2016ý.
«Ýaňlan Diýarym – 2019» bäsleşiginde 1-nji orun.
Häzirki wagtda M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagtyýar talyby.
Söhbetdeş bolan: Şaperi OTUZOWA,
žurnalist.