JEMGYÝET

Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugy kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasarynyň şu gezekki saparynyň ýurdumyzda hökümetara dialogyň dowamy hökmünde kabul edilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz, öz gezeginde, Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň ýakynda ýurdumyza amala aşyran resmi saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijeliligini kanagatlanma bilen belledi. Şonda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi, resminamalaryň toplumyna gol çekildi, şeýle-de bilelikdäki işewürlik maslahaty üstünlikli geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan we ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunda ozal gazanylan we dürli ulgamlardaky netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi bermäge gönükdirilen ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine üns çekildi.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup çykyş edýär. Köp ýyllardan bäri Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Özara haryt dolanyşygy oňyn depginini saklap gelýär. Hökümetara topar hem netijeli işleri alyp barýar, onuň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň tutuş toplumy boýunça tagallalar utgaşdyrylýar. Nebitgaz, ulag, senagat ulgamlarynda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmegiň, ony diwersifikasiýalaşdyrmagyň, özara söwdanyň we maýa goýumlaryň möçberini yzygiderli artdyrmak üçin täze ugurlara çykmagyň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Türkmenistan öz tarapyndan russiýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardyr.

Ynsanperwer ulgam hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz we möhüm bölegidir. Şunda bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem duşuşdy.

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy