DÜNÝÄ

Türkiýede ýertitreme zerarly ejir çekenler üçin 115 milliard lira

Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Respublikasynda 6-njy fewralda 7,7 we 7,6 ululykda güýçli ýertitreme bolup, bu tebigy betbagtçylyk köp sanly adam pidalaryna we giň göwrümli weýrançylyklara getirdi.

Türkiýäniň bu kyn gününde dünýäniň ençeme ýurdundan ynsanperwer kömekleri gelýär. Şol bir wagtda ýurduň öz çaginde hem ynsanperwer kömekleri jemlenip, tebigy betbagtçylygyň bolan sebitlerine iberilýär.

Düýn ýurduň iri teleradioýaýlymlarynyň bilelikde gurnamagynda “Ýeke-täk ýürek” ady bilen haýyr-sahawat gepleşigi ýaýlyma berildi. Göni ýaýlymda ýurduň iri kompaniýalarydyr jemgyýetçilik guramalary, işewürler we raýatlar jaň edip, nagt pul görnüşinde öz ýardamyny berdiler.

“TRT1”, “ATV”, “FOX”, “Kanal D”, “Kanal 7”, “Show TV”, “Star TV” we “TV8” ýaly ýurduň iri telelýamlary we daşary ýurtdan 213 teleýaýlym hem-de 562 radioýaýlymynyň gatnaşmagynda haýyr-sahawat gepleşigi guraldy.

Bu bilelikdäki ýaýlymda 115 milliard türk lirasyndan gowrak pul serişdeleri jemlendi. Şeýle hem ýaýlymyň dowam eden purstalarynda 9 million sms-habarnamasy iberildi. Her bir sms-habarnamasy 50 türk lirasyna deň boldy.

Ýaýlymdaky gepleşigi Nihat Hatipoglu, Pelin Çift, Deniz Baýramoglu, Nazly Çelik, Ajun Ylyjaly, Didem Arslan Ýylmaz, Çagla Şikel ve Tümer Dogru alyp bardy.

Ýaýlyma ýurduň sungat işgärleri, futbol toparlarynyň ýolbaşçylary, sport türgenleri we köp sanly meşhur adamlar gatnaşdy.

Olar hem ýaýlymda gurnalan telefon ulgamy arkaly raýatlardan we beýleki jemgyýetçilik toplumlaryndan gelen maliýe kömeklerini kabul etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi