BIZNES

Türkmenistan daşary ýurda 104 müň tonna pomidor eksport etdi

Türkmenistanyň oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçileri geçen 2022-nji ýylda ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilen pomidoryň 104 müň tonnasyny daşary ýurtlara eksport etdiler. Bu barada ýurdumyzyň resmi gazeti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Geçen ýylda daşary ýurtlara eksport edilen pomidoryň möçberi ondan ozalky ýyldakydan görnetin ýokarlandy. Habar berlişine görä, 2022-nji ýylda Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna iň köp ýyladyşhana pomidoryny eksport eden ýurtlaryň hatarynda 4-nji orny eýeledi.

Şeýle hem, ýurdumyz geçen ýylda Täjigistan Respublikasyny ýyladyşhanalarda ösdürilen pomidor bilen üpjün ediji esasy ýurt boldy.

Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen pomidor hasylynyň Täjigistana eksporty ilkinji gezek 2020-nji ýylda ýola goýlupdy.

Türkmenistanda ýyladyşhanalarda gök önümleri, şol sanda pomidory ösdürip ýetişdirmek üçin 712 gektar ýer bölünip berildi.

 

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar