BILIM

Mugallymlaryň zähmet hakyny ýokary derejede bellemeli

Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bilim ulgamynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň öňünde birnäçe möhüm wezipeleri goýdy.

Hususan-da, çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ýokary şertleri döretmek, ýaş nesliň tebigy zehinini, ukyplaryny, başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek, ulgamlaýyn alyp barmak, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalary, okuw kitaplaryny ösen halkara tejribesine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmek tabşyryldy.

Orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmäge uly üns bermek wajypdyr diýip, döwlet Baştutany belledi. Mugallymçylyk hünäriniň abraýly we ýaşlary özüne çekiji bolmagy üçin, olaryň zähmet hakyny ýokary derejede bellemek gerek.

Şeýle hem daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň bizde zerur bolan bölümlerini açmak boýunça degişli işleri geçirmegiň möhümdigine üns çekildi.

Related posts

Türkmenistanda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 190-sy hereket edýär

TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

Türkmenistan – Katar: bilim ulgamynda gatnaşyklar ösdürilýär

Leave a Comment