BIZNES

“Türkmen Energetika-2023” halkara sergisi we maslahaty geçiriler

Türkmenistanyň Energetika ministrligi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde Sizi Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 2023-nji ýylyň 6-7-nji awgustynda geçiriljek «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy – 2023» (Turkmen Energetika-2023) atly Halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň we energetika pudagynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşmaga çagyrýar.  Bu barada ministrligiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Bilşimiz ýaly, sergi meýdançalary  tejribe alyşmagyň möhüm guraly we döwlet hem hususy  ulgamyň işewürleriniň duşuşyk ýeri bolup hyzmat edýär.

Eksponentler siziň taslamalary durmuşa geçirmekde gazanan iň oňat netijeleriňizi görkezmek bilen birlikde, bu ulgamda halkara tejribesiniň ylym-senagat we tehnologiýa gazananlaryna degişli iň soňky işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrar.

«Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň we energetika pudagynyň ösüşi» atly maslahat size Türkmenistanyň gurluşyk we energetika ulgamlaryndaky mümkinçilikleri we maýa goýum gurşawy barada giňişleýin maglumat almaga şert döreder.

Biz sizi sergä we maslahata gatnaşyjy myhmanlaryň arasynda görmäge örän şatdyrys.

Has giňişleýin maglumaty guramaçylyk toparyndan alyp bilersiňiz:

Türkmenistanyň Energetika ministrligi, 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Saýt:www.cci.gov.tm

Elektron poçta:exhibition@www.cci.gov.tm

Bilelikdäki guramaçylar: Net Fuar Organizasyon. Ltd.Sti/Net Organization.

Web saýt: www.turkmenenergetika.com

E-mail: info@turkmenenergetika.com.

Telefon belgilerimiz: +902122726120.

Whatsap: +905389726120.

Ýene-de okaň

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär

Türkmenistan Hytaýdan 439 million dollarlyk nebitgaz enjamlaryny satyn alýar

Hytaý kompaniýalary Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge gyzyklanýar

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy köptaraply ösüşiň täze derejesine çykýar

Türkmen işewürleri Londonda iş saparynda bolarlar

Ministr: häzirki ýagdaýlar-täze energiýa ugurlaryny kemala getirmek üçin pursatdyr