DÜNÝÄ

Türkmenistan BAE-däki ýokary derejedäki sammite gatnaşar

Türkmenistan şu ýylyň 13-15-nji fewralynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek ýokary derejedäki sammite gatnaşar. Bu barada BAE-niň Aşgabatdaky ilçihanasynyň jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

Habar berlişine görä, 2023-nji ýylyň 13-15-nji fewralynda BAE-de geçiriljek Bütindünýä hökümet sammitine Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşar.

Sammite 20 ýurduň döwlet we hökümet baştutanynyň, 250-den gowrak ministriň, 10 müňe golaý döwlet işgäriniň, şeýle hem köp sanly bilermenleriň we abraýly wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bütindünýä hökümet sammiti her ýyl Dubaýda geçirilýän ýokary derejedäki duşuşygyň biridir. Bu sammitiň dowamynda durmuş we ykdysady meseleler, şol wagtda täzelikçi tehnologiýalar barada giňişleýin gürrüň edilýär we köp sanly duşuşyklar geçirilýär.

Bu sammitiň döredilenene 10 ýyl doldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar