DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Şu ýyllaryň dowamynda taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn doganlyk gatnaşyklarymyz hyzmatdaşlygyň barha täze ugurlaryny gurşap alyp, yzygiderli ösdürildi. Häzirki günde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mazmunynyň döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna we geljegine, şeýle-de ählumumy ösüşiň meýillerine bolan garaýyşlarda doly özara düşünişmek bilen şertlendirilendigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.

Türkmenistany we Özbegistany halkara durmuşyň esasy meseleleri boýunça çemeleşmeleriniň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi birleşdirýär. Munuň özi ýurtlaryň halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde ulgamlaýyn esasda ýola goýlan özara gatnaşyklarynda aýdyň ýüze çykýar. Türkmen-özbek söwda-ykdysady gatnaşyklary depginli ösdürilýär, özara haryt dolanyşygy yzygiderli artdyrylýar, energetika, ulag-kommunikasiýa, oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk işjeň giňeldilýär.

Medeni, ylym, bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar üstünlikli kämilleşdirilýär. Munuň özi halklarymyzyň ýakynlaşmagy, olaryň arasyndaky köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň pugtalandyrylmagy üçin köpri bolup hyzmat edýär” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň strategik hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy zenanlaryň ornuna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama kabul edildi

Aşgabatda Türk aşhanasynyň hepdeligi bellenildi

Aşgabatda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň birinji parlamentara forumyny geçirmek meýilleşdirilýär

Günorta Koreýanyň intellektual eýeçilik ministri Merkezi Aziýanyň ilçileri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi şagyzy Takamado bilen duşuşdy