SPORT

Türkmen hokkeyçileri Kazanda bäsleşer

Şu ýylyň 13-18-nji ýanwarynda Tatarystanyň Kazan şäherinde yslam ýurtlarynyň arasynda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçiriler. Bu ýaryşy geçirmek baradaky çözgüt “Russiýa-yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” halkara sammitiniň çäklerinde kabul edilipdi.

bu ýaryşa 14 yslam ýurdundan 300-den gowrak hokkeýçi gatnaşar. Şol bir wagtda ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy hem baýrakly orunlar üçin bäsleşer. Ýaryşyň dowam edýän günlerinde birnäçe ýurduň hokkeý federasiýasynyň ýolbaşçylary hem Kazanda bolarlar.

Türkmen hokkeýçileri 20 türgenden ybarat bolup, olar bu ýaryşda baş tälimçi Baýram Allaýarowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza wekilçilik ederler.

Bu ýaryş türkmen hokkeýçileri üçin özboluşly taýýarlyk bolar. Türkmen hokkeýçileri şu ýylyň 17-23-nji aprelinde 3-nji diwizionda geçiriljek hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda tejribe gazanarlar.

Soňky dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy “A” toparçasynda üçünji orne eýeläpdi.

Ýene-de okaň

Ronaldo dünýäniň iň köp girdeji gazanýan türgeni

“Bloomberg”: Messi Ronaldodan ýarym ýyl soňra milliarder boldy

Bütindünýä welosiped güni: köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçiriler

Ronaldo Saud Arabystanynyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

“Aston Willa” taryhynda ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Eýranyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna Antalyada taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri