JEMGYÝET

SMS-habarnamasy: ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek ýatladylýar

Şu günler ýurdumyzda gyş paslynyň sowuk hem-de aýazly günleri dowam edýär. Şeýle günlerde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmek has möhüm bolup durýar.

Bu barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýangyn howpsuzlygy gullugy hem “TMCELL” arkaly sms-habarnamasyny ýaýradyp, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý etmegi ýatladýar.

Hususan-da sms-habarnamasynda şeýle diýilýär:

– Hormatly watandaşlar! Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde elektrik-gaz enjamlaryny ulanylanda ýangyn hopwsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý etmelidigini, öýüňizden we iş ýeriňizden gitmezden öň, elektrik-gaz enjamlaryny öçürmelidigiňizi ýatlaşdýarys.

                                                                                                                                                          TIIM-niň YHG.

Related posts

«Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen metbugatynda-04.03.2019

vepa

Leave a Comment