JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynda döwlet saparynda bolar. Bu barada HHR-iň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň berýän maglumatyna görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça şu ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Hytaýda döwlet saparynda bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti we Hytaýyň Başlygy mundan ozal, Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň çäklerinde duşuşdy. Türkmenistanyň Prezidenti bu sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşypdy.

Şol duşuşykda HHR-iň Başlygy Si Szinpin Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyl dolandygyny we şol döwürde iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösüşe eýe bolup, strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandygyny belledi.

Hytaýyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine iberen gutlag hatlarynda Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini belläp, bu gatnaşyklary has-da ösdürmek ugrunda tagalla etjekdigini mälim edipdi.

Şu gezekki sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilmegine ýardam eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Merkezi Aziýa – Hindistan” dialogynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürler geňeşine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýranyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy