BIZNES

Russiýa Hytaýa tebigy gaz ibermek mümkinçiligi artdyrýar

2022-nji ýylda “Gazprom” kompaniýasy Hytaýa iberilýän ýangyç boýunça ýyllyk borçnamany artygy bilen ýerine ýetirdi. Hytaý Halk Respublikasyna eksport edilen tebigy gazyň ýyllyk möçberini artdyrmak ugrunda tagalla edýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Alekseý Miller belledi. 

– Hytaýly kärdeşlerimiziň haýyşy boýunça biz 31-nji dekabrda bir gije-gündizdäki göz öňünde tutulan möçbere ýetdik. Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan “Gazprom” Hytaýa tebigy gaz ibermekde täze dereje çykdy – diýip, Milleriň çykyşy kompaniýanyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda mälim edilýär.

Russiýa turba geçiriji arkaly Hytaýa tebigy gazy “Sibiriň güýji” gaz geçirijisi arkaly “Gazprom” bilen CNPC kompaniýalarynyň arasynda gol çekilen uzakmöhletleýin alym-satym şertnamasynyň esasynda amala aşyrylýar.

“Sibiriň güýji-2” gaz geçijirisi we onuň Mongoliýanyň üsti bilen “Gündogar soýuzy” gaz geçirijisi arkaly Hytaýa iberiljek tebigy gaz möçberini ýyllyk 50 milliard kubmetre ýetirmek göz öňünde tutulýar.

2022-nji ýylda “Gazprom” 412.6 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi. Onuň 100.9 milliard kubmetri daşary ýurt bazarlaryna eksport edildi.

Ýene-de okaň

Russiýadan Gazagystana täze gaz geçirijisi gurlar

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasy tassyklanyldy

Türkmenistan bilen Italiýa Rim şäherinde işewürlik forumyny geçirer

Türkmen wekiliýeti Şarjada gurnalan atyr önümleriniň sergisine gatnaşdy

Türkmen-emirlik işewürler forumy: hyzmatdaşlygyň belent sepgitleri