JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýyly jemledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýyl Ministrler Kabinetiniň 52 sany, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 12 sany mejlisiniň, şeýle hem 49 sany dürli döwlet maslahatlarynyň geçirilendigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýyl tamamlanyp barýar. Bu ýyl «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hökmünde berkarar döwletimiziň taryhynda hem hemişelik galar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Geçip barýan ýylda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda köp işler amala aşyryldy. Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň kabul edilmegi hem-de onuň durmuşa geçirilip başlanmagy amala aşyrylan işiň esasy netijeleriniň hatarynda görkezildi. Bu resminama laýyklykda, Bitarap Watanymyz sebit we ählumumy derejelerde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek ýaly örän möhüm wezipeleri çözmek üçin tagalla edýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk giňeldilýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şu ýyl ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara saparlarynyň amala aşyrylandygy, şeýle hem döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň Türkmenistana sapar bilen gelendikleri bellenildi. Geljek ýylda dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen ýokary derejedäki gepleşikler meýilleşdirilýär. Abraýly halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Bu Guramanyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen taýýarlanan ençeme Kararnamalar kabul edildi.

Garaşsyz döwletimiz Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we Bütindünýä Söwda Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigine, netijede, ähli pudaklarda ýokary ösüş depginleriniň gazanylýandygyna aýratyn üns çekildi.

Şeýlelikde, 2022-nji ýyl ýurdumyzda döredijiligiň we şanly wakalaryň ýyly boldy. Syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda uly üstünlikler gazanyldy. Giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyryldy.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy» kabul edildi. Şu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde geçip barýan ýylda hem jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini gazanyldy. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleri öz wagtynda doly maliýeleşdirildi.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk meýilnamalaýyn esasda döwrüň talabyna görä kämilleşdirilýär.

Şu ýyl Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy aýratyn işjeňlik görkezdi. Ol häkimiýet edaralarynyň milli bähbitlerini goramak, halkara hyzmatdaşlygy we hukuk tertibini ösdürmek boýunça işiniň düzüm bölegi bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyz ykdysady bähbitlerini öňe sürýär we Watanymyzyň dünýä giňişliginde abraýy ýokarlanýar. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça parlamentara hyzmatdaşlygy giňeldilýär, köptaraply parlament gatnaşyklary ýola goýulýar.

«Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyza eýermek bilen, biz ilatymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga köp serişdeleri gönükdirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde senagat we önümçilik desgalarynyň, şeýle hem iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi