Katarda geçirilen we 36 ýyldan soňra Argentinanyň 3-nji gezek dünýä çempiony bolmagyna uly goşant goşan Lionel Messiniň çempionat döwründe galan otagy muzeýe öwrülýär.
Mälim bolşy ýaly, Messili Argentinanyň milli ýygyndysy Katarda geçirilen dünýä çempionatynda çempion boldy. Ilkinji gezek Ýakyn Gündogarda, Katarda geçirilen çempionatda Argentinanyň çempion bolmagy bilen Messiniň galan otagy muzeýe öwrülýär. Messi çempion bolan gijesi dünýä kubogy bilen otagynda surata düşüpdi we şol gije kubok onuň otagynda galypdy.
Çempionat döwründe Argentinanyň milli ýygyndysy Katar uniwersitetiniň binasynda myhman boldy. Messi uniwersitetiň binasyndaky myhman binasynda ýeke özi bor otagda ýerleşipdi. Şol otag muzeý bolup, mundan soňra Katara geljek jahankeşdeleriň we futbol muşdaklarynyň syýahat edip biljek ýerleriniň birine öwürmek göz öňüne tutuldy.
Messi uniwersitetiň myhman binasyndaky “B201” belgili 2 adamlyk otagda ýeke özi boldy.
