SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaý daşary ýurtlular üçin PZR testi ýatyrýar

Hytaý Halk Respublikasy koronawirus pandemiýasyna garşy göreşi entegem iň ýokary derejede saklap galýar. Şonuň üçin Hytaýda bu pandemiýa garşy göreş dowam edýär. Ýurduň hökümeti daşary ýurtlulardan talap edilýän PZR (Polimeraz zynjyrly reaksiýa)  –  ýagny keseliň ýoklugyny tassyklaýan test barlagynyň gerek bolmajakdygyny habar berýär. Bu düzgüniň 2023-nji ýylyň 8-nji ýanwaryndan işe girizmek meýilleşdirilýär.

Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň berýän maglumatyna görä,  häzirki wagtda Hytaýa barýan ähli ýolagçylar 48 sagatlyk keseliň ýokdugy baradaky test barlagynyň netijenamasyny görkezmelidir. bu düzgün 8-nji ýanwardan ýatyrylar.

Şeýle hem şol günden başlap, Hytaýda gümrükde doňdurylan we beýleki harytlar üçin hem koronawirus barlag düzgünleri ýatyrylar.

Mundan ozal, Hytaýyň hökümeti ýurda gelýän raýatlar üçin 5 günlük hökmany karantin düzgünini ýatyrypdy.

Mälim bolşy ýaly, dünýäni 2 ýyldan gowrak uly howsala salan bu ýokanç wirus Hytaýda ýüze çykypdy.

Related posts

Türkmenistana “Sputnik Laýt” sanjymy getirildi

Ata Watan Eserleri

Sanjymyň bahasy döwletlere görä üýtgär

Ata Watan Eserleri

Sanjym boýunça hyzmatdaşlyga 172 ýurt goşuldy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment