Şu günler Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň 9-njy mejlisi we birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklara gatnaşmak üçin Ýaponiýada iş saparynda bolýar.
Şol saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow merkezi aziýaly kärdeşleri bilen Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda Premýer-ministr Fumio Kişida bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň daşary işler ministri hem gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky syýasy we söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlyk ugurlary ara alnyp maslaatlaşyldy.
Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak babatda ygrarlydyklaryny belläp, dostluk we özara ynamyň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde we geljekde ilerledilmegine möhüm binýat bolup hyzmat etjekdigini bellediler.
