JEMGYÝET

Türkmenistanda 1002 gektar meýdanda uly şäher bina edilýär

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martyndaky Kararyna laýyklykda, Gökdepe etrabynyň Gorjaw obasynyň çäginde umumy meýdany 1002 gektar bolan ýer böleginde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, täze, döwrebap welaýat merkezindäki gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Gurluşyk işleri iki tapgyrda amala aşyrylýar. Onuň birinji tapgyry jemi 336 desgany, şol sanda häkimligiň edara binasyny, jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasyny, Baýdak sütünini, “Ahal” monumentini, Ahal atçylyk sirkini, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezini, Ruhyýet köşgüni, kitaphanany, Bagt köşgüni, drama teatryny, muzeýi, welaýat derejesindäki kärhanalaryň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň binalaryny, banklaryň welaýat şahamçalarynyň edara binalaryny we beýleki möhüm desgalary öz içine alýar. Şeýle hem çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, saglyk öýüniň, onkologiýa merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, köpugurly hassahananyň, “Tiz kömek” merkeziniň, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň, umumybilim berýän mekdepleriň 4-siniň, orta hünär mekdepleriniň hem 4-siniň, 10 sany çagalar bagynyň, köpugurly sport toplumynyň, sport merkeziniň we stadionyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, birinji tapgyryň çäklerinde 258 sany iki, bäş, ýedi we dokuz gatly ýaşaýyş jaýlary bina edilýär. Mundan başga-da, 19 dükan, 3 hyzmat ediş öýi, myhmanhana, söwda we dynç alyş merkezi hem-de seýilgäh-dynç alyş zolaklary gurulýar. Iki tapgyryň çäklerinde birnäçe ugurlar — inženerçilik-tehniki ulgamlary we desgalary, ýol-ulag düzüminiň desgalaryny gurmak, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen meşhur Akhan bedewiniň heýkelini oturtmak göz öňünde tutulýar. Onuň daş-töweregini abadanlaşdyrmak we suw çüwdürimlerini gurmak işleri alnyp barylýar. Bu işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gurluşykçylary işjeň gatnaşýarlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär