SPORT

Putin final duşuşygyny 2:2-den soň tomaşa edipdir

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyny 2:2 hasapdan soňra tomaşa edip başlapdyr. Ol bu duşuşykdan soňra garaşyp durman Argentinanyň Prezidenti Alberto Fernandesi telefon arkaly gazanan üstünligi bilen gutlapdyr.

– Futbol duşuşygy barada aýdylanda bolsa, ony ikinji ýarymynyň ortalaryndan başlap, tomaşa etdim. Şol wagt hasap 2:2 deňleşipdi. Goşmaça wagty tomaşa etdim. Soňra, argentinaly kärdeşime jaň etmän, durup bilmedim – diýip, Putin Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen gurnan metbugat ýygnagynda belläp geçdi.
Rus döwletiniň baştutany Argentinanyň futbolyň ýurdudygyny belläp, şeýle diýid: “Bu ýurtda hakykatdanam futbola örän çynlakaý çemeleşilýär, öz futbolçylaryny, şol san-da öňdebaryjy futbolçylaryny gowy görýärler. Olar bu ýeňşi gazanmaga mynasyp, diýip pikir edýärin”.
Şeýle hem Putin finala çykan we soňuna çenli göreşen iki ýygyndyny hem gutlady. Her iki ýygyndynyň hem örän gowy oýun görkezendiklerini bellän Putin soňuna çenli göreşmeginiň özüniň örän tolgundyryjy pursatlary döredendigini, güýçliniň gazanandygyny mälim etdi.
Bilşiňiz ýaly, finalda Argentina Fransiýany 11 metrlik jerime urgulary bilen ýeňip, 3-nji çempionlygyny gazandy.
Şeýle hem şu gun Argentinanyň milli ýygyndysy öz ýurduna baryp, paýtagt Buenos-Aýresde çempionlygyny gutlar. Futbolçylar dünýä kubogy bilen üsti açyk ulagda şäheriň köçelerinde janköýerler we argentin halky bilen bu taryhy üstünligini gutlarlar.

Ýene-de okaň

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi

«Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygynda stadiondaky oturjak ýeriňizi çalt tapmagyň tertibi

Ata Watan Eserleri