BIZNES

“GaffneyCline” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýär

GaffneyCline britan konsalting kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda işini mundan beýläk-de giňeltmek mümkinçiliklerine garaýar. Bu barada “Trend” agentligi kompaniýanyň taslamalar boýunça direktory Drýu Pauelle salgylanyp habar berýär.

Onuň bellemegine görä, GaffneyCline häzirki wagtda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri maslahatlaşýar.

Pauelliň şeýle hem bellemegine görä, «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» (OGT-2022) Halkara maslahatynyň dowamynda kompaniýa türkmen kompaniýalarynyň köp sanlysy bilen duşuşmaga we olar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga oňat mümkinçilik aldy.

Belläp geçsek, GaffneyCline kompaniýasy «Galkynyş» gaz käniniň ätiýaçlyk goruny bahalandyrmak babatda eýýäm Türkmenistan bilen üstünlikli tejribä eýe. Bahalandyrmagyň netijesinde bu käniň halkara klassifikasiýasynda «ägirt uly» kän toparyna degişlidigi tassyklanyldy. Hususan-da, onuň umumy goruny «Ýaşlar» we «Garaköl» känleri bilen bilelikde hünärmenler 27,4 trillion kub metr tebigy gaz diýip bahalandyrýarlar.

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy