JEMGYÝET

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň halkara habarlar işini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda görülýän taýýarlyklar barada hasabat berildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, dünýäniň maglumat giňişliginde ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini giňden beýan etmek, bu babatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň esasy habarlar agentlikleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şu maksat bilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde Halkara habarlar merkezini açmak teklip edilýär.

Merkeziň esasy wezipesi ýurdumyzda bolup geçýän möhüm wakalara bagyşlanan gepleşikleri, gysga görnüşli dokumental filmleri, wideogörnüşleri taýýarlamakdan we daşary ýurtlaryň telelýaýlymlarynda görkezmekden, ýörite neşirleri çap etmekden we beýlekilerden ybarat bolar.

Şunuň bilen baglylykda, birnäçe ugurdaş bölümlerden ybarat bolan täze merkezi Olimpiýa şäherçesindäki Halkara ýaýlyma beriş merkezinde ýerleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ankaradaky resmi kabul edişlik dabarasy fotosuratlarda

Ata Watan Eserleri

Итоги развития Туркменистана в первом квартале 2020 года рассмотрены на заседании Правительства

Dr.Döwran Orazgylyjov

Sowgatly online Krossword bäsleşigi yglan ediler

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment