DÜNÝÄ

Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti Özbegistanda geçiriler

Şu ýylyň 11-nji noýabrynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň 1-nji sammiti geçiriler. 2021-nji ýylyň noýabrynda Stambulda geçirilen ýokary derejedäki duşuşykda guramanyň ady üýtgedilip, Türki Döwletleriň Guramasy bolupdy.

Şonuň üçin täze at bilen guramanyň birinji, ozalky geçirilen sammitleri hem hasaba alanyňda, 9-njy sammit bolar.

Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek sammite gurama agza döwletleriň – Özbegistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, şeýle hem synçy döwletler – Türkmenistanyň we Wengriýanyň wekiliýetleri gatnaşar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Şerzod Asadow belläp geçdi.

Şeýle hem sammite TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary, TÜRKPA guramasynyň baş sekretary, Türki döwletleriň guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň ýolbaşçysy, Türki döwletleriň miras we medeniýet gaznasynyň ýolbaşçysy gatnaşar.

Sammitiň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag, medeniýet we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga degişli meseleler, şeýle hem halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşylar.

Samarkant sammitine gol çekmek üçin 10-dan gowrak resminamanyň hödürlenmegine garaşylýar.

Sammitiň tamamlanmagy bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň başlyklyk etmegi bir ýyllygyna Türkiýeden Özbegstana geçer.

Mundan başga-da, Samarkantdaky sammitiň çäklerinden birnäçe ikiçäk duşuşyklar hem-de medeni çäreler geçiriler.

Sammitiň öňüsyrasynda, 10-njy noýarbda Türki Döwletleriň Guramasy agza we synçy döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler.

Şeýle hem sammite bagyşlanyp, 9-njy noýabrda gurama agza we synçy döwletleriň ykdysadyýet ministrleriniň duşuşygy geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy