BIZNES

Nebitgaz forumy: sanlar we maglumatlar

Şu ýylyň 26-28-nji oktýabry aralygynda ýurdumyzda geçirilmegi däbe öwrülen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahaty we sergisi öz işini tamamlady. Bu halkara forum nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek hem-de ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň gazananlaryny dünýäde giňden wagyz etmek, pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda täze taslamalar boýunça pikir alyşmak babatda örän möhüm meýdança bolup çykyş edýär.

“Türkmenistan” gazetindäki habarda, nebitgaz forumy barada möhüm sanlar we maglumatlar berlipdir. Şoňa görä-de:

  • «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahatyna we sergisine dünýäniň 45 döwletinden kompaniýalaryň 200-den gowragyna wekilçilik edýän daşary ýurtly myhmanlaryň ýüzlerçesi gatnaşdy.
  • Çäräniň çäklerinde iş duşuşyklarynyň 10-a golaýy geçirilip, olaryň jemleri boýunça umumy bahasy ABŞ-nyň 112 million dollaryna deň bolan geleşikleriň 20-ä golaýy baglaşyldy.
  • «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «Dragon Oil» kompaniýasynyň arasynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy blokda 3D görnüşde seýsmiki işleri geçirmek boýunça Şertnama baglaşyldy.
  • «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Germaniýanyň «Hybrid Innovation GmbH» kompaniýasynyň arasynda onlaýn görnüşde baglaşylan geleşik Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilip, onuň umumy bahasy 6 million ýewrodan gowrakdyr.
  • Ady agzalan konserniň Hytaýyň «Shandong kerui petroleum» kompaniýasy bilen baglaşan geleşigi esasynda türkmen tarapy bahasy 277,5 müň amerikan dollaryna deň bolan degişli enjamlary satyn alar.
  • Umuman, ýurdumyzyň nebitgaz ugurly beýleki düzümleri hem daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen şeýle ylalaşyklaryň birnäçesini baglaşdylar.

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy