Şu ýylyň 27-nji oktýabrynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa” sammiti geçiriler. Oňa Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Şerzod Asadow habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, Prezident Şawkat Mirziýoýew 27-nji oktýabrynda Astana şäherindäki “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa” sammitine gatnaşar.
Ýewropa Bileleşiginde bu sammite Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel gatnaşar. Ol 26-27-nji oktýabrda Gazagystanda saparda bolar.
Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişeliň Gazagystandan soňra Özbegistanda hem saparda bolmagyna garaşylýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-14-nji oktýabry aralygynda Gazagystanda birnäçe ýokary derejedäki sammitler geçirilipdi. Şolaryň biri hem “Russiýa-Merkezi Aziýa” sammitidir.
