Hususy telekeçileriň ygtyýarly karz edaralaryndaky bank hasaplaryna gelýän nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmegiň ýa-da fiziki şahslaryň hasabyna geçirmegiň Tertibine üýtgetmeleri girizildi. Şeýlelikde, Tertibiň 14-nji maddasyndaky nagt däl pullary nagt görnüşinde çykdajy etmegiň möçberi 100 göterime çykaryldy.
Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda 925 belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Hususy telekeçileriň ygtyýarly karz edaralaryndaky bank hasaplaryna gelýän nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmegiň ýa-da fiziki şahslaryň hasabyna geçirmegiň Tertibini tassyklamak barada” Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň Başlygynyň 2015-nji ýylyň 28-nji awgustynda çykaran 327-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, Hususy telekeçileriň ygtyýarly karz edaralaryndaky bank hasaplaryna gelýän nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmegiň ýa-da fiziki şahslaryň hasabyna geçirmegiň Tertibiniň 14-nji maddasyna käbir üýtgetmeler girizildi.
Bu Tertibiň 14-nji maddasyna 2020-nji ýylda hem üýtgetme girizilipdi we biz 2020-nji ýylda ol üýtgetmeleri SIze ýetiripdik.
Şeýlelikde, Tertibiň 14-nji madasynynyň üýtgän täze ýagdaýyny Size ýetirýäris.
“14. Ygtyýarly karz edaralar bilen hususy telekeçileriň özara gatnaşyklary, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, şertnama esasynda amala aşyrylýar. Hususy telekeçiniň, lomaý söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçiniň telekeçilik maksatlary üçin bir senenama aýyň dowamynda nagt pul görnüşinde hasaplaşyk hasabyndan çykdajylary etmekliginiň möçberleri aşakdakylardan ybarat:
1) onuň şol aýda hasaplaşyk hasabyna nagt pul görnüşinde tabşyran möçberiniň 100 göteriminiň çäklerinde. Şunda, ýokarda görkezilen çykdajylaryň bölek söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçiniň lomaý söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçi bilen baglaşylan satyn almak-satmak şertnamasy esasynda, bölek söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçiniň hasaplaşyk hasabyna nagt pul görnüşinde tabşyrylan möçberinden lomaý söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçi bilen hasaplaşyklar geçirilen ýagdaýynda, galan pul möçberine amala aşyrlyp bilner;
2) onuň hasaplaşyk hasabyna fiziki şahslar bilen töleg terminallaryny ulanmak arkaly geçirilen hasaplaşyklardan gelen möçberiniň 100 göteriminiň çäklerinde;
3) lomaý söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçiniň bölek söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçiler bilen baglaşylan satyn almak-satmak şertnamalary esasynda hasaplaşyklar geçirilende, bölek söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçiniň öz hyzmat edilýän karz edarasyna nagt görnüşinde pul serişdelerini tabşyryp, töleg tabşyrygy esasynda lomaý söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçiniň hasaplaşyk hasabyna nagt däl görnüşinde geçiren serişdelerden onuň telekeçilik maksatlary üçin nagt pullar 100 göteriminiň çäginde çykdajylary etmeklige rugsat berilýär.
Töleg tabşyrygynyň tölegiň maksady meýdançasynda harytlary satyn almak-satmak şertnamanyň baglaşylan senesi we belgisi, geleşik boýunça tabşyrylan nagt pul serişdeleriniň möçberi, senesi we girdeji kassa orderiniň belgisi hem-de senesi görkezilýär. Hususy telekeçileriň bank hasaplaryna gelýän nagt we nagt däl pullary, şol sanda fiziki şahslar bilen töleg terminallaryny ulanmak arkaly geçirilen hasaplaşyklardan gelen nagt däl pullary nagt pul görnüşinde bermek üçin ygtyýarly karz edaralary tarapyndan özbaşdak bellenilýän ýygym hak-heşdekleriniň möçberleri we bank hyzmatlaryny etmek üçin tarifler, alynýan nagt puluň möçberine görä ösýän tertipde bellenilýär”.
“Türk howa ýollary†awiakompaniýasy hem adaty uçar gatnawlaryna başlaýar