DÜNÝÄ

Türki Döwletleriň Guramasy: Daşary işler ministrleri Stambulda

Türki Döwletleriň Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň adatdan daşary duşuşygy Stambulda başlady. Türki Döwletleriň Guramasynyň sekretariýatyndan “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna berilen maglumata görä, duşuşykda, Guramanyň işlerine degişli birnäçe meseleler we şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammitine taýýarlyk görmek meselelerine garalýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2021-nji ýylyň noýabrynda bu gurama synçy hökmünde girmek bilen, özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Noýabr aýynyň 11-ne Özbegistanyň Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammiti geçiriler.

Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýär

Related posts

ABŞ-niň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen-saud gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara Bileleşigiň täze ýolbaşçysyny saýlamak üçin ses berdi

Leave a Comment