SPORT

Ertir: “Real Madrid” – “Barselona”/”Liwerpul”- “Mançester Siti”

Ertir, ýagny 16-nji oktýabrda futbol janköýerlerine gyzykly duşuşyklar garaşýar. Möwsümiň ilkinji “El Klasikosy” oýnalar. “Real Madrid” topary öz meýdançasynda “Barselona” toparyny kabul eder. Karlo Ançelottä Hawi Hernandesi ýeňmek başardarmyka?

Bu duşuşyk aşgabat wagty bilen 19:15-de başlaýar.

Şol bir wagtda ertir Angliýanyň çempionatynda hem çempionatyň merkezi duşuşygy geçiriler. Geçen hepde “Arsenal” toparyna ýeňlen “Liwerpul” bu gezek “Mançester Siti” topary bilen duşuşar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 20:30-da başlaýar.

“Mançester Siti” düzümindäki ýaş futbolçy Fil Foden bilen şertnamasynyň möhletini 2027-nji ýyla çenli uzaltdy. 22 ýaşynda ýutbolçy bu toparyň düzüminde 10 ýyldan bäri bar. Şol döwürde topar derejesinde 11 kubok gazandy.

Ýene-de okaň

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy