SIZDEN GELENLER

Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň XIV jildi halkymyza gowuşdy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her bir güni toýdur-baýramlar, şanly wakalar bilen şöhratlanýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda döwlet derejesinde giňden bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem aýratyn ýatda galyjylygy bilen tapawutlanýar. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIV jildiniň neşir edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramçylygyna, tutuş halkymyza hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine özboluşly toý sowgady boldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri eziz Diýarymyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylaryň giň köpçüligine niýetlenendir.

Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylda başyny başlan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň täze jildi hem aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ylmy işde Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri giňişleýin açylyp görkezilýär.

Kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň, şol sanda belli bir ýerlerde duş gelýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri jikme-jik beýan edilýär. Mazmuny boýunça Gahryman Arkadagymyzyň täze eserinde türkmen topragynda ösýän, asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermek üçin netijeli ulanylýan ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada aýratyn bellenip geçilýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz okyjylary ekilýän we ýabany ösümlikler bilen tanyşdyrmak bilen birlikde, bu kitapda olaryň suratlary, beýany, biologik aýratynlyklary, ösýän ýerleri, tebigy gorlary, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, taýýarlanyş we ulanylyş usullary yzygiderlilikde getirilýär.

Eziz Diýarymyzyň dermanlyk ösümlikleriniň has çuňňur öwrenilmegi, olaryň biologik köpdürliligi barada içgin tejribeleriň geçirilmegi, bejerijilik häsiýetiniň has doly we takyk anyklanylmagy babatynda bu kitap dürli ugurlarda zähmet çekýän hünärmenler hem-de ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar, ýurdumyzyň bagtyýar ýaşaýjylary, giň okyjylar köpçüligi üçin gymmatly gollanmadyr.

Gahryman Arkadagymyzyň köpýyllyk düýpli işi bolan ylmy-ensiklopedik eseriniň täze jildi hem, adatça bolşy ýaly, 3 dilde, ýagny türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilip, tebigy baýlyklarymyzyň owadan reňkli fotosuratlary bilen göwnejaý bezelipdir. Kitabyň sahypalarynda 118 sany öň öwrenilmedik we halk lukmançylygynda ägirt uly ähmiýete eýe bolan endemiki ösümlikler barada giňişleýin maglumat berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň giň gerimlidigine aýdyň göz ýetirmekde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu düýpli ylmy iş diňe bir ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň ösdürilmeginde däl, eýsem, dünýä fitoterapiýasynyň kämilleşdirilmeginde hem möhüm ähmiýete eýedir.

Bu ylmy-ensiklopedik eseriň jiltleri biziň her birimiziň ýankitabymyza, ýakyn gollanmamyza öwrüldi. Ol daşary ýurtlaryň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan hem uly höwes bilen okalýar hem-de öwrenilýär. Munuň şeýledigini kitabyň 15-e golaý dünýä dillerine terjime edilmegi we şol dillerde neşir edilmegi aýdyň subut edýär.

 Saparmyrat Ataýew, 

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

Dokma önümçiligi fakultediniň 3-nji ýyl talyby.

 

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri