MEDENIÝET

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň sammiti geçiriler

Şu gün Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar. Şeýle hem şu gün ilkinji gezek Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň Liderleriniň sammiti guralar.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew başlyklyk etmeginde geçiriler.

Sammitiň çäklerinde GDA-nyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem sammitiň çäklerinde söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem howpsuzlyk pudagynda integrasiýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge gönükdirilen birnäçe resminamany kabul edilmegine garaşylýar.

Mälim bolşy ýaly, düýn Gazagystanda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşiniň VI sammiti geçirilipdi. Oňa hem Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşypdy. Türkmenistan bu geňeşe synçy hökmünde kabul edildi.

Related posts

Dubaýda aýdym aýdýan şaglawuk açyldy

“Galkynyş” topary welaýatlarda çykyş ederler

Zerewşan-Garagum geçelgesiniň şahalary ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlener

Leave a Comment