DÜNÝÄ

Kataryň Emiri we Türkiýäniň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolýar

Şu gün Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad al-Tani hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan döwlet saparynda bolýar.

Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad al-Tani ozal 2014-nji ýylda Gazagystanda döwlet saparynda bolupdy. Mundan başga-da, iki ýurduň döwlet ýolbaşçylary dürli ykdysady forumlarda duşuşypdy.

Bu gezek döwlet saparynda iki ýurduň arasynda 12 ylalaşyga gol çekildi. Şolaryň arasynda özara söwda pudagynda iki möhüm şertnama bar – söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk, standartlaşdyrmak we metrologiýa. Soňky resminama, Kataryň bazarlarynda gazak harytlarynyň ykrar edilmegine mümkinçilik döreder. Şeýle hem wiza talaplaryny ýeňilleşdirmek we maýa goýumlaryny özara goramak barada ylalaşyk gazanyldy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad al-Tanä ýurduň iň ýokary döwlet sylagy – “Altyn kyran” (Altyn bürgüt) ordeni bilen sylaglady.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gazagystana amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndkay haryt dolanyşygyny 10 milliard dollara ýetirmek babatda ylalaşyldy.

Şeýle hem aktau şäherinde Gazagystanyň, Tükriýäniň hem-de Azerbaýjanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammitini geçirmek teklip edildi. Türkiýe Respublikasy soňky 15 ýylda Gazagystana 4,35 milliard dollar maýa goýdy. Gazagystan bolsa öz gezeginde Türkiýä 1,13 milliard dollar maýa goýdy. Türkiýe Gazagystanyň iň uly 10 maýadarynyň hataryna girýär.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi