JEMGYÝET

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 15-16-njy awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda  deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrlikleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçirildi. Şol halkara maslahatyň jemleri boýunça Jemleýji Beýannamasy kabul edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, şol Jemýleji Beýannama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň resmi resminamasy hökmünde çap edildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň resmi resminamalarynyň sanawynda Awazadaky halkara maslahatyň Jemleýji Beýannamasy hem öz ornuny aldy.

Bu resminama  Milletler Bileleşiginiň 13-nji 16a-njy, 18-nji, 21-nji maddalary, şeýle hem Baş Assambelýanyň 128 gün tertibi boýunça BMG-niň resmi 6 dilinde çap edildi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyna dünýäniň 40-den gowrak döwletinden hem-de 30-dan gowrak halkara guramadna wekiliýet gatnaşypdy. Bu maslahata “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylypdy.

 

Ýene-de okaň

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi