BIZNES

Türkmenistanda dürli maksatly plastik kartlar öndüriler

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda dürli maksatly plastik kartlaryň, şeýle hem ýol hereketlerini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň önümçiligini ýola goýmak barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, bu önümleriň öndürilmegi babatda degişli teklipler hödürledi.

Şeýle hem plastik önümlerini öndürijileriň işine goldaw bermek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda polipropilenden we polietilenden önümleriň öndürýän kärhanalaryň onlarçasy hereket edýär.

 

Ýene-de okaň

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär